Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda başlanan «Bitaraplyk Kubogy» atly hokkeý boýunça ýaryşy sekiz topary bir ýerde jemledi. Ýaryş sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan ýola goýuldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Duşuşyklar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport merkezinde we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşýanlar ýaryşyň birinji tapgyrynda iki toparça bölündi. «A» toparça «Watançy» (Goranmak ministrliginiň Harby instituty), «Merdana» (Serhet instituty), «Şir» (Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi) we «Oguzhan» («Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirligi) toparlary girdi. «B» toparça «Galkan» (Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi), «Nesil» (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), «Bürgüt» (Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi) we «Alp Arslan» (Ulag we aragatnaşyk toplumy) toparlary girdi.
Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparlaryň ýeňijileri finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler, ikinji orny eýelän toparlar bolsa özara bäsleşikde bürünç medalyň eýesini kesgitlärler.
Ýaryşyň açylyş duşuşygynda «Oguzhan» topary «Merdana» toparyny 5:1 hasabynda utdy, başga bir duşuşykda bolsa «Bürgüt» topary «Nesil» toparyndan 16:9 hasabynda üstün çykdy.
16-njy dekabrda tamamlanjak bu ýaryşyň öňýany, «Galkan» sport merkezinde Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) goldawy bilen guralan eminlik maslahaty geçirildi.