Türkmenistanyň milli ýygyndysynyñ futbolçylary Taýlandyň Çonburi şäherinde 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Taýlandyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ikinji ýeňşini gazandylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
«F» toparçasynda çykyş edýän iki ýygyndy topar üçünji duşuşygyny geçirip, onda ýaryşyň jemleýji tapgyryň ýeke-täk orny ugrunda bäş topar göreşýär.
Duşuşyga toparlar deň däl ýagdaýda geldiler. Türkmen futbolçylary Kuweýtiň toparyndan 0:1 hasabynda utulyp, Maldiw adalarynyň toparyndan 6:0 hasaby bilen üstün çykdylar we 3 utuk gazandylar. Taýlandyň topary bolsa Mongoliýanyň toparyny 4:0, Maldiw adalarynyň toparyny 7:1 hasabynda utdy we olaryň hasabynda 6 utuk bardy. Şonuň üçin ýer eýeleri bilen boljak duşuşyk Ahmet Allaberdiýewiň topary üçin ähmiýetli boldy.
Türkmen futbolçylary oýna hyjuwly başlap, eýýäm 24-nji minutda 2:0 hasabynda öňe saýlandylar. Ilkinji pökgini 14-nji minutda Süleýmannazar Gowşudow tora girizdi, 10 minutdan soň bolsa Hudaýnazar Meredow artykmaçlygy iki esse artdyrdy.
61-nji minutda H.Meredowyň urgusyndan soňra Tailandyň ýygyndysynyň oýunçysy Pongkun pökgini öz derwezesine geçirdi we türkmen topary ýeňil ýeňiş gazanjak ýalydy. Emma beýle bolmady. 64-nji minutda Çaýwarangkun Piçaýa hasaby açdy. Ýene-de sekiz minutdan soň Suttiphapra Pakorn hasaby 2:3 çenli azaltdy.
Galan wagtyň dowamynda ýer eýeleri oýny halas etmek üçin ep-esli synanyşdy. Emma ýeňlişden halas bolup bilmediler.
Ýaryşyň beýleki duşuşygynda Mongoliýanyň toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykan Kuweýtiň ýetginjekler topary Maldiw adalarynyň toprynyň derwezesine bäş sany jogapsyz pökgi geçirdi.
Bu duşuşyklardan soň «F» toparçasynda 9 utuk bilen Kuweýtiň ýetginjekler topary öňdeligi eýeleýär. Türkmenistanyň bilen Taýlandyň ýetginjekler toparlarynda 6 utuk bar. Mongoliýanyň toparynda 3 utuk bar. Ýaryş tertibini Maldiw adalarynyň topary jemleýär, hasabynda utuk ýok.
2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýeke-täk ýeriň ykbaly Mongoliýanyň we Türkmenistanyň, Taýlandyň we Kuweýtiň toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň jemleri bilen kesgitlener.