Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçirilýän 2026-njy ýylda 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda ikinji ýeňşini gazandy.
Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyna garşy duşuşygynda 5:1 hasabynda gazanan ilkinji uly ýeňşinden soň Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Birinji tapgyrda Butanyň ýygyndysy 0:11 hasabynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan utuldy, bu bolsa toparymyzda duşuşykda ýeňiş gazanmaga umyt döretdi.
Türkmenistanyň ýygyndysy başlangyç jürlewükden oýnuň hörpüni ele alyp, 12-nji minutda Kelzaň Jigmi jerime meýdançasynda Daýanç Meredowy ýykanyndan soň, Söhbet Durdyýewiň jerime urgusyny üstünlikli amala aşyrmagy bilen, hasaby açdylar.
Türkmen futbolçylary hüjümi barha güýçlendirýärdiler we goşmaça wagtda munuň serpaýyny aldylar. 93-nji minutda, oýna täze giren derwezeçi Sonam Çoda «Ahal» toparynyň ýarymgoragçysy Begenç Mämiýewiň uran topuny yzyna gaýtardy, aldym-berdimli ýere ilkinji bolup ýetişen «Köpetdag» toparynyň hüjümçisi Daýanç Meredow hasaby gutarnykly etdi – 2:0.
Ikinji tapgyryň başga bir duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 6:0 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi.
Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda ýaşlar ýygyndysynyň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşýärler. Toparlaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň oňat ýygyndylaryň dördüsi, 2026-njy ýylyň 7 – 25-nji ýanwary aralygynda ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Saud Arabystanynyň ýaşlar topary ýer eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga gönüden-göni hukuk aldy.