2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan türgenleriň birnäçesi talyp boldular.
Şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda, Türkmenistanyň çempionatlarynda we kubok bäsleşiklerinde üstünlik gazanan, milli ýygyndy toparlaryň düzüminde çykyş eden dalaşgärleriň görkezen netijeleri hem seljerildi. Olaryň sport ýolundaky üstünlikleri talyplyga kabul etmekde möhüm artykmaçlyk hökmünde nazara alyndy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan teklip edilen düzgünlere laýyklykda, ukyply we taýýarlykly uçurymlar giriş synaglarynda üstünlik gazandylar.
Netijede täze okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna kabul edilenleriň arasynda 1 halkara derejeli sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgärleriň 34-si, halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň 43-si, ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 149-sy, welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 146-sy bar.
Bulardan başga-da, ýaş türgenleriň 194-si ýurduň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarydyr, şeýle-de öňdebaryjy toparlaryň wekilleridir. Sport mekdebiniň uçurymlarynyň hem 33-si bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hataryna goşuldy.
«Türkmen sporty» gazeti