Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny ýeňdi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçylary Iordaniýanyň paýtagtynda başlanan 2026-njy ýylda 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 5:1 hasabynda utup, uly ýeňiş gazandylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Amman şäheriniň halkara stadionynda geçirilen duşuşygyň gahrymany Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň hüjümçisi Daýanç Meredow ýeňiş getiren gollaryň üçüsini (19-njy, 43-nji we 48-nji minutlar) geçirip tapawutlandy. Şeýle hem, «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Söhbet Durdyýew (32-nji minut) we Abdyrahman Annamyradow (90+2) hersi bir pökgi geçirdiler. Garşydaşlaryň ýeke-täk pökgüsini bolsa Weý Çi-Çuan (40-njy minut) geçirdi.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň we Hytaý Taýpeýiniň ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän ikinji resmi duşuşyk boldy. Iki ýyl mundan ozal Indoneziýanyň Surakarta şäherinde 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda hem Türkmenistanyň ýygyndysy 4:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

«A» toparçadaky beýleki duşuşykda bolsa Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysy Butanyň ýygyndysyny 11:0 (ilkinji ýarymda 4:0) hasabynda ýeňdi we Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bilelikde 3 utuk bilen öňdeligi eýeledi.

Indiki tapgyrda duşuşyklar şeýle bolar: Türkmenistanyň we Butanyň, Iordaniýanyň we Hytaý Taýpeýiniň ýygyndylary duşuşarlar.

Ýatladyp geçsek, Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda ýaşlar ýygyndylarynyň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşýärler. Toparçalaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy ýygyndylaryň 4-si, 2026-njy ýylyň 7 – 25-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanynda ilkinji gezek geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanarlar.