Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny final duşuşykda 2:1 hasapda utup, AFK-nyň 2024/25 möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Bu barada Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
59-njy minutda «Arkadag» toparynyň goragçysy Mekan Saparowyň açan hasabyny oýnuň gutarmagyna 8 minut galanda Saret Krea kelle urgusy bilen deňledi. Şeýlelikde oýun goşmaça wagtda dowam etdi. Altymyrat Annadurdyýewiň 112-nji minutda uran takyk urgusy Türkmenistanyň futbol toparyna ýeňiş getirdi.
Pnempon şäherindäki ýeňiş «Arkadag» topary üçin taryhy ähmiýetlidir. Türkmenistanyň futbol topary ilkinji gezek halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy we AFK-nyň baýragyna eýe bolan ýurduň üçünji topary boldy.