Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýaryşyň öňdäki ornuna «Senagatbank» topary geçdi.
Milli çempionatda bu ýagdaý Mergen Ataýewiň şägirtleri yzly-yzyna üçünji ýeňşini gazanyp, ýurduň öňki çempiony, Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» toparyny 2:1 hasabynda utanda, 4-nji tapgyryň netijelerinden soň ýüze çykdy.
Bu oýundan soň «Senagatbank» topary 10 utuk toplady. «Migrasiýa» toparyny 3:1 hasabynda utan Türkmenistanyň häzirki çempiony «Köpetdag» topary bolsa «Senagatbank» toparyndan 1 utuk yza galýar. Bu 7 utuk bilen öňde barýan üçlügiň soňky hatarynda duran «Migrasiýa» toparynyň ilkinji ýeňlişidir.
Alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşýär. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna we «Ahal» topary Ahal welaýatyna wekilçilik edýärler.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar noýabr aýynda ýeňijini kesgitleýän dört aýlawda özara duşuşarlar.
Ilkinji dört tapgyryň oýunlarynyň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilendigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň indiki üç tapgyry 13-17-nji maý aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.