Soňky habarlar

Aşgabatda «Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly köpçülikleýin ylgaw çäresi geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly 3600 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw çäresi geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary hem-de Aşgabadyň ilatynyň uly ýaşly wekilleri gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň başlangyjy bilen geçirilen bu sport çäresinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi guramaçy bolup çykyş etdi. Çäräniň maksady – ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we gatnaşyjylaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Köpçülikleýin ylgawa 500-den gowrak ylgaw muşdagy gatnaşdy. Oňa gatnaşanlaryň iň kiçisi 9, iň ulusy bolsa 67 ýaşyndady. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby Enejan Esedowa 14 minut 33,8 sekunt netijesi bilen ýeňiji boldy. Oglanlaryň arasynda halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Pena Babaniýazow bellenilen aralygy 9 minut 22 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda gyzlaryň arasynda Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýlar Seýdullaýewa ilkinji bolup gelmek bilen, 15 minut 49,5 sekunt netije görkezdi. Oglanlaryň arasynda 74-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Orazmyrat Orazmyradow 13 minut 12,2 sekunt wagt bilen ýeňiji boldy.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň arasynda aýal-gyzlar boýunça 1-nji orny 17 minut 15 sekunt netije bilen W.Baýewa eýeledi. Erkekleriň arasynda Garadamak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy S.Saparow bellenilen aralygy 11 minut 52 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

Köpçülikleýin ylgawda ýeňiji bolan hem-de tapawutlanan gatnaşyjylara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.