Türkmenistanda 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan sport we medeni çäreler başlandy. Dabaraly çäreler talyplaryň arasyndaky woleýbol, futzal, basketbol we stol tennis ýaryşlary bilen açyldy.
Talyp oýunlarynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guralyp, ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Talyp sport federasiýasynyň guramaçylygynda geçirildi. Dabara şowhunly aýdym-sazly sport baýramçylygy görnüşinde dowam etdi. Tomaşaçylar diňe bir türgenleriň gyzykly çykyşlaryndan däl, eýsem, joşgunly konsertden hem lezzet aldylar. Hususanda, zehinli gimnastikalaryň ýerine ýetiren «Küşdepdi» tansy aýratyn täsir galdyrdy.
Soňra futzal boýunça ilkinji duşuşyk geçirildi. Onda Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplar topary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň toparyny 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanyp, 7-nji aprele çenli ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlar, wagyz-nesihat we medeni çäreler, dürli sport ýaryşlary hem-de köpçülikleýin sport çäreleri geçiriler. Olara orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, edara-kärhanalaryň işgärleri we türgenler gatnaşar.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, bedenterbiýe we sporty wagyz etmek maksady bilen welosiped ýörişleri we dürli sport çäreleri hem guralar.