Soňky habarlar

 Okuw maslahaty

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri toplumynda okuw maslahaty geçirildi.

Dünýä suw sporty guramasynyň wekili Jeýms Gibson bilen ABŞ-ly hünärmen Genadius Sokolowas türkmenistanly hünärmenler bilen suwda  ýüzmek boýunça  alnyp barylýan türgenleşik işler babatda tejribelerini paýlaşdylar.

Sportuň suwdaky görnüşleriniň Bütindünýä guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan okuw maslahatynyň maksady Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynda zähmet çekýän tälimçi-mugallymlaryň we türgenleriň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sportuň suwda oýnalýan görnüşlerini durnukly ösdürmek boýunça ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa türgenleriň ýokary netijeleri gazanmagyny we tälimçileriň kämilleşmegini şertlendirýär.

 www.sportcom.gov.tm