Kuweýtiniň «Al-Arabi» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Günbatar zolagynyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Omanyň «Al-Sib» topary bilen deňme-deň oýnady. Omanyň çäginde geçirilen duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy, emma ilkinji oýunda gazanylan ýeňşiň (1:0) netijesinde kuweýtliler ýarym finala çykmagy başardylar. Bu tapgyrda olara eýýäm «Arkadagyň» futbolçylary garaşýardy.
Ýarym final duşuşyklary 9-njy we 16-njy aprelde geçiriler. «Arkadag» ilkinji oýnuny myhmançylykda, jogap duşuşygyny bolsa Arkadag şäherindäki öz meýdançasynda geçirer.
Ýatladýarys, «Arkadag» taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň iň möhüm üçünji klublar ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy. Çärýek finalda türkmen topary Hindistanyň «East Bengal» toparyny Kolkatada 1:0 hasabynda utdy, jogap duşuşygynda bolsa öz meýdançasynda 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy.