Soňky habarlar

Türkmenistanyň hokkeýçileri ýaşlar dünýä çempionatynda bürünç medal gazandylar

Türkmenistanyň ýaşlar hokkeý ýygyndysy 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «B» toparçasynda bürünç medala eýe boldy. Bäsleşik Tailandyň Bangkok şäherinde alty toparyň gatnaşmagynda geçirildi.

Baýrakly orunlaryň we çempionlygyň ykballary ýaryşyň soňky gününde belli boldy. Soňky tapgyra çenli «B» toparçanyň birinji ornuna iki topar – Tailandyň we Özbegistanyň ýygyndylary dalaş edýärdi, olaryň hersiniň hasabynda 12 utuk bardy. Duşuşyk dartgynly ýagdaýda geçip, özbek hokkeýçileriniň 3:2 (1:1, 1:1, 1:0) hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bürünç medalyň eýesini kesgitleýän duşuşykda bolsa, Türkmenistanyň we Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndylary duşuşdy. Bu toparlaryň hasabynda degişlilikde 6 we 5 utuk bardy. Mundan öň türkmen hokkeýçileri Liýuksemburgy 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasabynda ýeňip, Tailandyň ýaşlar toparyndan 3:4 (1:0, 0:3, 2:1) we Özbegistandan 2:8 (2:4, 0:3, 0:1) hasabynda utulypdylar. Şeýle-de, olar Günorta Afrika Respublikasy bilen bolan duşuşykda 18:7 (5:3, 3:1, 10:3) hasabynda uly hasaply ýeňiş gazanypdylar.

Bosniýa we Gersegowina bilen geçirilen duşuşykda 5:2 (1:1, 0:1, 4:0) hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň ýygyndysy 9 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldy. Olar kümüş medalyň eýesi Tailandyň ýygyndysyndan 3 utuk yza galdylar.

Oýundan soň, eminler topary duşuşygyň iň gowy oýunçylaryny kesgitledi. Bosniýa we Gersegowina toparyndan iň gowy oýunçy goragçy Wisiliýe Wuçiniç, Türkmenistanyň ýygyndysyndan bolsa toparyň kapitany Şöhrat Begliýew boldy.

Bäsleşigiň iň gowy derwezeçisi özbek hokkeýçisi Rustam Irgaşew, iň gowy goragçysy tailandly Naçayatorn Ýannakornthanapunt, iň gowy hüjümçisi bolsa özbegistanly Jasurbek Rustamhonow diýlip yglan edildi.

Türkmen hokkeýçisi Sultanhamyt Wahytow 24 utuk bilen, ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy. Özbegistanyň hüjümçisi Jasurbek Rustamhonow 22 (14 gol + 8 pas) utuk bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orny bolsa 16 (7 gol + 9 pas) utuk bilen Türkmenistanyň “Şir” klubundan Isgenderhan Durdyýew   eýeledi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy şeýle derejeli ýaryşa ikinji gezek gatnaşdy. Olar tälimçi Meýlis Kuliýewiň ýolbaşçylygynda, onuň kömekçileri Maksat Ataýew we Azatgeldi Bäşimow tarapyndan taýýarlanyldy.

 

www.turkmenistan.gov.tm