Soňky habarlar

Baýram mynasybetli ýaryşlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 8-nji marta — Halkara zenanlar gününe bagyşlanan toplumlaýyn ýaryşlaryň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda hereket edýän 20-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary nusgawy we stol tennisinde, woleýbolda, basketbolda (3x3 görnüşinde) hem-de küşt boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler.

Açylyş dabarasynda Watan hakyndaky aýdymlary ýaňlandy, meşhur tans toparlary çykyş etdiler. Şeýle-de, dabarada milli göreş, dzýudo, çeper gimnastika, gandbol, basketbol, woleýbol, taekwondo (ITF) we figuralaýyn typmak ýaly ugurlar boýunça ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary boldy.

www.sportcom.gov.tm