Häzirki günlerde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlykly gelen çärämiz bolan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda milli türgenlerimiz üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň ýaşyl Tuguny ýene-de bir mertebe belentde parladarlar.
Kuraş özbek halkynyň milli göreşi hasaplanýar. Ýöne ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Amyderýa, Dostluk, Hatap, Burdalyk, Hojambaz ýaly obalarydyr etraplarynda kuraş görnüşine meňzeş «ýaka göreşi» diýen göreş gadymlardan şu günki bagtyýar zamanamyza çenli tutulyp gelinýär.
Özbaşdak gyzyklanmalarymyz esasynda Lebabyň obalarynyň sport hünärmenleri, pälwanlary bilen gürrüňdeş bolanymyzda, biz bu pikirimiziň hakykata ýakyndygyna has-da göz ýetirdik. Meselem, kuraş görnüşi boýunça tutluşyga çykýan pälwanlaryň egninde don görnüşinde uzyn edilip tikilen «ýaktak» diýen lybas bolýar. Ol türkmen dilinde «ýektaý» diýmekdir. Türkmen obalarynda tutulýan toýlarda hem pälwanlar eginlerine «ýektaý» geýýärler.
Iki halkda hem göreşiň bu görnüşi toýlarda tutulýan göreş hökmünde ykrar edilendir. Lebap obalarynda toýlarda ýaka göreşiniň tutulmagyna «Göreş toýy» diýlip hem at berilýär. Toý eýeleri tarapyndan göreş toýuny tutmak üçin açyk howada, giň ýerde ýörite meýdança taýýar edilýär. Göreş toýuna goňşy obalardyr etraplardan hem pälwanlar çagyrylýar.
Lebap welaýatynyň obalarynda bolup synlan pursatlarymyzda göreş toýunyň, adatça, agşamdan başlanyp, daňdana çenli dowam edip bilýändigine şaýat bolduk. Ýaka göreşinde hem edil kuraşyň halky görnüşindäki ýaly, göreş tutjak pälwanlaryň agram derejeleri talap edilmeýär. Ilki kiçi ýaşly, soňra ýetginjek pälwanlaryň göreşi dowam edýär. Olarda ýeňiji bolanlara ýaş aýratynlyklaryna görä baýraklar goýulýar. Göreş tutmak gezegi atly pälwanlara ýeteninde göreş toýunyň şowhuny has-da artýar. Uly baýraklar goýulýar. Meselem, göreşe sekiz pälwan gatnaşsa, ilki olar ikibir göreşýärler. Ýeňlen pälwanlar göreş meýdanyndan çykyp, ýeňen pälwanlar özara göreşýärler.
Häzirki döwürde dostlukly Özbegistan Respublikasy tarapyndan öňe sürlen kuraş göreşi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan şeýleki giňden ykrar edilmä eýe boldy. Hatda sportuň bu görnüşinde bäsleşik özbek dilinde alnyp barylýar. Tutluşyga başlajak pälwanlar ilki birek-birege hormat goýup, baş egip, tagzym edip salamlaşýarlar. Oňa özbek dilinde «tazim» diýilýär. Emin: «Kuraş» diýse, ol tutluşyga başlamalydygyny habar berýär. Türkmen dilinde saklanmagy, togtamagy aňladýan «tohta» diýen söz tutluşygy saklamak hakynda buýruk bolup ýaňlanýar. Eger-de emin: «Wagt» diýse, ol tutluşygy tamamlamaly wagtyň bolandygyny aňladýar.
Dili, däp-dessurlary, medeniýeti örän ýakyn bolan halklarymyzyň arasynda dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary öňde boljak Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda has-da berkär, has-da ýakynlaşar diýip ynanýarys. Ýurdumyzda sportuň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna, ähli halklymyzyň, şol sanda biz — talyp ýaşlaryň şeýle iri halkara çärelerine dahylly bolmagymyza giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun.
Madina MAHMUDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.