«Kalbymda bir ýagşy niýet bar» diýdim. «Hereket et. Çaý ýapragynyň gyzgyn suwa atylanda reňk açyşy, tagam berşi deýin, niýetleriň gözelligi hem amallarda açylýandyr» diýdiler.
Çapyljak at deý hemişe seýis ýaşamagyň, sagatlygyň-sagdynlygyň syryny soragladym. «Hereket et» diýdiler. «Hiç bir melhem yzygiderli hereketiň ornuna dalaş edibilmez. Oňa derek hereket ähli emiň-dermanyň ornuny tutup bilýändir» diýdiler.
Yrylmaz rysgal, deprenmez döwlet diledim ak sabalarda. «Hereket et. Allanyň gaznasynda her kimiň hereketine-yhlasyna görä paý bardyr» diýdiler.
Käte-käte haýsydyr bir işi bitirmegiň çemesini çenläbilmän, ugur-ýol agtaryp oýurgandym. «Sen hereket et, ýol seniň ädimleriň astynda öner» diýdiler.
Käte-de aşmaly menziller yrak göründi gözüme. «Hereket et. Iň uzyn menzillerem ilkinji ädimden başlanýandyr. Gyrmyldan gyr aşar» diýdiler.
«Şeýle belent maksatlarym bar. Oňa güýç-yhlasym ýetişermikä?!» diýdim. «Hereket et. Damja daşy deşip bilýär. Ýöne daşy dilýän zat damjanyň güýji däl-de, yzygiderliligidir» diýdiler.
Gojalara gulak gerdim: «Şindi aýaklaryň astyndan şemal ötüp durka, gol gowşuryp oturmak hebesdir» diýdiler. «Bärde almadyk ukyňy aňyrda esseläp alyp bolar. Ýöne aňry barlanda, «Al, ine, şu seniň ýaşamadyk günleriň» diýip, goluňa tutdurjak ýokdur. Hereket et» diýdiler.
Gördüm-bakdym, eşitdim, öwrendim, başdan geçirdim... Şeýde-şeýde otuz ýaşda göz ýetiren iň uly hakykatym şu boldy: asyl, dünýä hereket dünýäsi eken.
Çalbeýni çagakam «Durmuş» diýseler, bu owadan söze nämekä diýerdim. «Durmak, duralga» ýaly bir sözdür öýderdim başda. Görsem, ol düýbünden başga. Eger-eger... Durmak nire?! Duralgasyz-dynuwsyz hereket ekeni durmuş diýleni.
Dünýe ýaşly, dünýe paýhasly türkmeniň: «Hakdan bidin çöp başy gymyldamaz» diýmesi bardyr. Asyl, gymyldy-hereket Hakyň idini-eradasy, asyl-ha, ozalynda-ezelinde barça barlyga buýrugy eken.
Hereket – bereket. Oglankak üýşüp-üýşüp, gar tokgalardyk ak gyşlarda. Ony garly meýdanlarda togarladygymyzça, öz-özi galňar barardy. Göýä diýersiň, berekediň hereketdedigini buşlaýan ýaly.
Hereket – jan. Asyl, bizi bu jahana dahyl kylyp duran zat çep gursakdaky ýumruk ýalyjak ýüregimiziň dynuwsyz hereketi – gürsüldisi dälmi?!
Hereket – hormat. Eýsem, sagady arzylap, diwardan asyp, bilegimizde bezäp ýörmegimiziň sebäbi, onuň çäklije wagtymyzy özüçe hasaplap-ölçerip, öňe itekläp duran kindiwanja dilleriniň biri-birini tiz-tizden çalyşýan hereketi dälmi?! Onuň «çyk-çyk» diýen sesi-de göýä, maksat tutup, uly ýollara çykmaga çagyryş bolup eşidilýär.
Hereket – rowaçlyk. «Basany aýlyk, götereni ýyllyk» äwmezek adamyň ýiti-ýalaw zehininden garynja gaýratly adaty adamyň birsydyrgyn zähmetiniň hemişe üstün gelýändigine, gör, näçe gezek şaýat bolandyrys.
Halypa şahyrymyz Nobatguly Rejebow bolsa köplenç şu sözleri gaýtalaýar: «Owalynda ynsanyň bedeni toprakdan ýaradylan bolsa, ruhy asmandan inendir. Şodur-da-şodur, olaryň ikisi iki ýerden adamy öz aslyna dartyp durandyr. Ruhuňy götergiläp, ony belent tutsaň, göwün guşuň ganat açar. Bedeniňe hä berip, ony hülli-hülli ediberseň, ýanyňy ýerden götermez...».
Hereket – sport, hereket – ömür. Hereket – durmuş. Hereket – hemme zat.
ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!
Kakamyrat REJEBOW,
žurnalist.