Soňky habarlar

Bilýard oýnunyň saglyga täsiri

Däp bolşy ýaly, bilýardsöýüjileriň, şeýle-de bilýard oýnuny oýnamaýanlaryň arasynda bilýard – bu göwün açma, güýmenje we sport diýen düşünje bar. Ýöne bilýard oýny ynsan saglygy üçin ähmiýetli oýundyr. Bilýardyň haýal oýundygyna garamazdan, ol ilki bilen hereketli oýundyr. Bilýardçy özi bilmezden, bir döwüň dowamynda 2-3 kilometr ýol geçýär. Kim agramyny aýrasy gelse, myşsa we ýürek-damar ulgamynyň tonusyny bejertmek islese, lukmanlar bilýard oýnamagy maslahat berýärler. Şeýlelikde, adam bilýard oýnamak arkaly saglygy bilen bagly birtopar ýüze çykjak ýagdaýlaryň öňüni alýar.

Aýratyn hem, bu ýürege we öýkene uly agram bermeli däl adamlar üçin örän peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi diňe bir hereketden we ýöremekden ybarat bolman, munda bütin bedeniň myşsalary, bogunlar we oňurga sütüni hereketlenýär. Bilýardyň göz keselleriniň öňüni almakda-da ähmiýetlidigini bellemelidiris.

Birinjiden, bilýard stollary düzgüne görä, ýaşyl reňkli mata bilen örtülýär. Ýaşyl reňk göz üçin örän peýdaly hasaplanylýar.

Ikinjiden, bilýard oýnunyň dowamynda adam göz almalarynyň myşsa nerwlerini işjeň türgenleşdirmeli bolýar.

Üçünjiden, urgynyň dürs bolmalydygy gözölçegliligi ýokarlandyrýar. Bilýard oýnamak newrologiki häsiýetli ýagdaýlarda köptaraplaýyn peýdaly serişdedir. Kimiň reaksiýasy-hüşgärligi peselen bolsa, bilýard oýny ony ösdürmäge ýardam edýär. Oýnuň bütin dowamynda şarlaryň ýerleşişiniň gaýtalanýan görnüşi ýok diýen ýaly, şonuň üçin her gezek ýagdaýy bahalandyrmak we çykalga tapmak üçin ugur tapmaga ymtylmak pikirlenişiňi ösdürýär.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä, biziň uzak ýaşamagymyz beýnimizi yzygiderli türgenleşdirip bilşimize baglydyr. Oýnuň dowamynda urgularyň görnüşlerini, güýçlüligini we ugruny hasaplamaly bolýar. Başgaça aýdanymyzda, pikirleniş işi beýniniň ömrüni uzaldýar, bu bolsa adam ömrüniň uzamagyna oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzda Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly işler amala aşyrylýar. Raýatlarymyza bilýard sporty bilen meşgullanmaga hem şertler döredilýär. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Enejan BORJAKOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.