Soňky habarlar

Sirk artistleriniň şowhunly çykyşlary

     Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, dürli medeni çäreler badalga alýar. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ezber artistleri hem baýramçylyga bagyşlap, şüweleňli çykyşlaryň meýilnamasyny taýýarladylar. Şoňa laýyklykda, golaýda sirk artistleriniň baýramçylyk çykyşlarynyň nobatdaky görkezilişi boldy.
    Sirk toparynyň baýramçylyk maksatnamasy dürli çykyşlary öz içine aldy. Olar sazly çykyşlar, howada akrobatika, ekwilibristika we žonglirleme, masgarabazlaryň hem-de dört aýakly «artistleriň» — enaýy güjükleriň, geçileriň, düýeleriň gatnaşmagynda baş öwretme çykyşlaryndan ybarat boldy.
    Zehinli artistleriň dürli haýwanlaryň gatnaşmagynda taýýarlan çykyşlary tomaşaçylara baýramçylyk ruhubelentligini paýlady.
    Şowhunly çykyşlaryň dowamynda eldekileşdirilen itleriň çykyşlary tomaşaçylarda, esasan hem körpelerde has täsir galdyrdy. Itlerden başga-da, geçileriň, düýeleriň we beýleki haýwanlaryň çykyşlary hem özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlandy.
    Howa gimnastlarynyň howada ýerine ýetirýän dürli oýunlary, bir-birinden çylşyrymly hereketleridir tilsimleri tomaşaçylary özüne çekse, žonglýorlaryň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän inçe tilsimleri bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy. 
    Sirk tomaşasynyň dowamynda şadyýan masgarabazlaryň we gözbagçylaryň çykyşlary hem görkezildi. Milli sirk oýunlar toparynyň akrobat oglanlarynyň çykyşlary, olaryň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän tärleri tomaşaçylary özüne çekdi.
    Ussatlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrýan jigitleriň çykyşlary, hemişe bolşy ýaly, çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şoňa görä-de, türkmen ýigitleriniň, dünýä belli ahalteke bedewleriniň «Galkynyş» hem-de «Türkmen jigitleri» toparlarynyň ajaýyp çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. 
    Baýramçylyk tomaşasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat eden Ruhubelent atly bedewiň özüne berilýän görkezmeleri takyk we yzygiderli ýerine ýetirmegi bu ýere ýygnananlara ýatda galyjy duýgulary bagyş etdi.
    Döwlet sirki dynç alyşdyr baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Bu sungat ojagynda görkezilýän çykyşlary diňe çagalar däl eýsem, ulular hem gowy görýärler. 
    Hormatly Prezidentimiz milli sirk sungatyny ösdürmäge uly üns berýär. Döredilýän mümkinçiliklere, bildirilýän ynama jogap edip bolsa, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik topary iri halkara sirk sungatynyň festiwallarynda-da üstünlikli çykyş edýär.

www.metbugat.gov.tm