Türkmenistanda awtomobil sporty durnukly ösdürilýändigine dürli görnüşli iri ýaryşlara we halkara guramalaryň iri maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýandygynyň we bilermenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygynyň mysalynda göz ýetirip bolýar. 2019-njy ýylyň 2-6-njy dekabrynda Pariž geçirilen Halkara Awtomobil Federasiýasynyň nobatdaky Baş Assambleýasynyň dowamynda hem bu babatda anyk işler edildi.
Türkmenistanyň Awtomobil Sport Federasiýasynyň wekilleri Halkara Awtomobil Federasiýasynyň bölüm müdirleri we ýolbaşçy düzümi bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistanyň Awtomobil Sport Federasiýasynyň 2019-njy ýylyň jemi boýunça görkezen netijeleri, 2020-nji ýylda öňde duran maksatlary, federasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Netijede, Halkara Awtomobil Federasiýasynyň agzalaryna maliýe goldawy bermek boýunça jogapkär ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň Awtomobil sportyny ösdürmek üçin maliýe goldawynyň beriljekdigi we bu babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ygrarlydygy bellenip geçildi.
Baş Assambleýada edilen gürrüňlere dolanyp gelsek, onuň çäklerinde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça ulag, aragatnaşyk, howpsuzlyk, okuw-türgenleşikler we ýaryşlary geçirmek üçin maliýe goldaw maksatnamalary barada birnäçe maslahatlar geçirildi. Şeýle hem, Halkara Awtomobil Federasiýasynyň agzalarynyň 2020-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri, geçiriljek halkara ýaryşlaryň deslapky sanawy we dörediljek maliýe goldawy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aziýa-ýuwaş umman, Aziýa sebiti boýunça awtomobil sportunyň dürli görnüşleriniň ösüşi, geçirilýän halkara ýaryşlar, ýüze çykýan meseleler we olary üstünlikli çözmegiň täze çemeleşmeleri we tehnologiki innowasiýalar barada çykyşlar edildi.
Baş assambleýanyň dowamynda Halkara Awtomobil Federasiýasynyň jemleýji maliýe hasabatlylygy seljerildi we degişli netijeler çykaryldy. Şol sanda, dürli ýurtlaryň Awtomobil Sport Federasiýalarynyň ýylyň jemi boýunça ýeten sepgitleri, maliýe netijeleri we geljek ýyl üçin öňde goýlan maliýe maksatlary seljerildi.
Şeýle hem, maslahatlaryň dowamynda Halkara Awtomobil Federasiýasynyň 18 sany täze ýolbaşçy agzalarynyň saýlawy amala aşyrylyp, degişli ses beriş çäresi hem geçirildi. Mundan başga hem, birnäçe Awtomobil Sport federasiýalaryň haýyşnamalary we Baş Assambleýanyň agzalarynyň ylalaşygy esasynda, olary Halkara Awtomobil Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Baş assambleýanyň dowamynda 2020-nji ýylda geçiriljek halkara awtomobil ýaryşlaryň, halkara maslahatlaryň, forumlaryň we konferensiýalaryň deslapky meýilnamasy tanyşdyryldy we maslahata gatnaşyjylaryň ählisi bilen ylalaşyldy.
Baş Assambleýada bellenip geçilişi ýaly, awtomobil sportynyň görnüşlerini köpeltmek bilen bir hatarda durnukly ulag ulgamyny döretmek meselesi hem ileri tutulýan meseleleriň hataryndadyr. Ekologiýa taýdan howpsuz we elýeterli awtoulaglary we degişli ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, toplumlaýyn çäklerde durnukly ösüş maksatlary bilen bagly hem-de ulaglaryň dürli görnüşleriniň sepleşýändigini nazara alýan ulag ulgamyny ösdürmek maksatnamasyna umumy garaýyşlara, şeýle hem durmuş, ekologiýa we bu ugurdaky beýleki wajyp wezipelere degişli pikirleriň birnäçesini beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylar iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly awtomobil sportyny ösdürmekde, sportyň bu görnüşine ýaş nesli çekmekde, ulag ulgamyny ösdürmekde täze çemeleşmelere çagyrmak bilen, häzirki wagtda köpsanly innowasiýalaryň – elektrik energiýada hereket edýän ulaglaryň, elektrik energiýasyny öndürmegiň alternatiw çeşmeleriniň, dürli döredijilik başlangyçlarynyň we beýleki innowasiýalaryň yzygiderli awtomobil sportuna ornaşdyrylýandygy bellenildi. Bu meselede maýa goýumlarynyň, maliýeleşdirmek meseleleriniň çözülmeginiň, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, döwletiň, halkara sport guramalaryň we ýerli awtomobil sport federasiýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygy nygtaldy.
Halkara Awtomobil Federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň jemleýji çäresi bolan ýylyň jemi boýunça baýraklary gowşuryş dabarasy 6-njy dekabrda geçirildi. Bu çärede 2019-njy ýylyň dowamynda Halkara Awtomobil Federasiýasynyň dürli halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezen ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy.
Türkmenistanyň wekilýetiniň Halkara Awtomobil Federasiýasynyň nobatdaky Baş Assambleýasyna gatnaşmagy we Halkara Awtomobil Federasiýasynyň bölüm müdirleri we ýolbaşçy düzümi bilen birnäçe duşuşyklaryň geçirendigi ata Watanymyzda sportuň bu görnüşiniň durnukly ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak üçin aýgytly ädimleriň ädilýändigini görkezýär.
www.msy.gov.tm