Soňky habarlar

 Ýaşlar sporty dost tutunýarlar

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan alnyp barylýan işleri seljerip, sportuň her bir watandaşymyzyň durmuşynda mynasyp orun alandygy hakynda pikir öwürmegi makul bildik.

Sport bilen meşgullanmagyň saglyga, ruhubelentlige, maksada okgunlylyga, işjeňlige, bir söz bilen aýdanyňda ähli taraplaýyn kämilleşmegiňe itergi berýändigini bilýän ýaşlar bu gün sporty dost tutunýarlar.

Sporty dost tutunmak işjeňligiň kepilidir, işjeňlik maksatlaryňa tiz ýetmegiň ýolunda ygtybarly serişdedir. Diýmek, sport üstünligiň badalgasydyr. Üstünlige barýan ýol hereketde jemlenendir, hereket bolsa sportdyr.

Sport bilen meşgullanmak arkaly sagdyn jemgyýet gurup boljakdygy, sagdyn jemgyýetiň üstünliklere sary ynamly gadam goýup, kuwwatly döwleti emele getirjekdigi bu günki günüň ykrar edilen durmuş hakykatydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýyldan bäri «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Milli Spartakiadanyň we Uniwersidanyň sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelýär.

Şu ýyl hem «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna badalga berlip, häzirki wagtda bäsleşikler gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 görnüşi, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 12 görnüşi, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda sportuň 8 görnüşi, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 21 görnüşi, hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň 10 görnüşi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň 10 görnüşi boýunça bäsleşýärler.

Ýaryşyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi ynsan saglygyna, sporta we bedenterbiýä ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bäsleşigiň dürli ýaşdaky raýatlaryň arasynda uly  seslenme döredendigini türkmen halkynyň sporty gündelik hemrasyna öwrendigi we dost tutunandygy bilen düşündirip bolar. Çünki «Sport — bu güýç-kuwwatyň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýdyň beýanydyr».

Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri kemala getirmek, olar bilen ýagty geljege gadam basyp, ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bu babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Sport muşdaklarynyň arasynda bäsleşikler gurap, olaryň ukyplaryny açmaga mümkinçilik döredilýär. Sport söýüjileriň, türgenleriň sport ukyplaryny ussatlyk derejesine ýetirmekde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bu ugurda uly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Häzirki wagtda hem türgenleri öňümizdäki halkara ýaryşlara taýýarlamakda irginsiz zähmet çekýärler.

Türkmen halkyny ruhubelent we sagdyn durmuşda ýaşamaga çagyrýan we munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.