Soňky habarlar

Florensiýada ýaňlanan «Gaşly ýar»

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary türkmen futbolçysynyň daşary ýurda gitmegi, onda-da milli ýygyndymyzyň «futboluň Mekgesi» hasaplanýan Italiýada halkara ýaryşa gatnaşmagy şeýrek gabat gelýän mümkinçilikdi.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary mynasybetli çykyş taýýarlamak islän wagtymyz şol taryhy pursata halypa sport žurnalisti Amanmuhammet Çaryýewiň şaýat bolandygy we Italiýadan gaýdyp gelensoň «Nesil» gazetinde göwrümli makala bilen çykyş edendigi ýadyma düşdi. Aslynda ol waka hiç haçan ýadymdan çykmaýardy.

Häzirki wagtda halkara möçberli çäreleriň, ýurdumyzda geçirilýän dünýä çempionatlarynyň şaýady bolup, şol wakalaryň jümmüşinde ýaşaýan nesil üçin geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başyndaky pursatyň täsirine düşüp oturmagymyň geň görünmegi-de mümkindir.

Italiýa hakyndaky makala dolanyp gelsek, Işan Garaýewiň, Boris Ýakimenkonyň, Amanmuhammet Çaryýewiň futbol reportažlaryny diňläp ulalan nesil üçin halypalaryň her bir ýatlamasy, maslahaty gyzylyň gyryndyşyna deňdi.

O mahal zähmet ýoluna ilkinji başlan ýerim bolan «Talyp durmuşynyň» redaksiýasyny her gün torç edýän günlerimdi. «Nesil» gazetinde çykyş etmek höwesim şu mahal her futbolçynyň «Realda» oýnamagy arzuwlaýşy ýalyrak bardy. Şonuň üçin her günümi gazetleri satyn almakdan başlaýardym.

Eger «Nesilde» Maral Annanurowa, Amanmyrat Saparow, Täçnazar Tagyýew ... ýaly her setirini ezberläp okaýan awtorlarym çykyş etse, iş  öwrenmäge gatnaýan ýerime - «Talyp durmuşyna»  ýetmäge gyssanmaýardym.

Şo gezegem şeýle bolupdy. Ilki bilen makalanyň sözbaşysy ünsümi özüne çekdi: «Florensiýada ýaňlanan «Gaşly ýar». Soň dünýäni undup makalanyň içine giripdirin. Şu ýerde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň «Çuwal bagşy» powestini okanymda başdan geçiren ahwallarymy paýlaşmak isledim.

Halypa ýazyjy powesti ýazmak üçin dutar çalmagy öwrenendigini gürrüň bereninde, eserde saz çalynýan pursatlaryna ýeteniňde sazyň hoş owazy eşdilen ýaly duýgynyň döremegine näme sebäp bolandygyna düşünipdim.

Aman Çaryýewiçiň (Amanmuhammet Çaryýewe köp adam şeýle ýüzlenýärdi) Florensiýada başdan geçiren ahwalatlaryny beýan edýän pursatlary özümi olaryň ýanynda ýaly duýandygymy şol wakadan çärýek asyrdan gowrak wagt geçensoňam ýatlanymda tolgunman duramok.

Ýaşlara makala ýazanyňda başdan geçirýän duýgularyňy beýan edeniňde «aýagyňy ýerden üzmeli däldigini» düşündirýäris. Çünki okyjy ýasamalygy badabat duýýar. Okyjy bilen hakykatdanam başdan geçirýän ahwalatlaryňy paýlaşmaly. Menem şu ýerde tolgunmak hakynda aýdanymda, şol ýörelgeden ugur aldym.

Makalada gürrüňi edilýän wakany Florensiýada guralan halkara ýaryşdan gaýdyp gelensoň Aman Çaryýewiçiň özünden hem eşitmek miýesser etdirdi.

–Ata Watandan uzaklarda diňe öz aramyzda türkmençe gürleşýäris diýmeseň, başga türkmendigimizi ýatladýan zat ýokdy. Barýan, görýän ýerlerimiziň täsiri bir aýrydy. Emma birhili ýürekgysgynç tukatlyk höküm sürýärdi.

Florensiýada bizi ýaryşyň geçýän ýerine alyp barýan awtobus ýola düşen badyna ýanym bilen äkiden türkmen aýdymlary ýazylan kassetamy elime alyp, sürüjiniň ýanyna bardym. Oňa elimdäki kassetany görkezenimden näme isleýändigimi aňyp, magnitafony ümledi. Menem baş atyp, ýerime geçdim.

Onýançada, aýdym-saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanan aýdymçy zenan Jemal Saparowanyň «Gaşly ýar» diýen aýdymynyň hoş owazy bütin awtobusy gaplap aldy. Her kimiň ýüzünde şatlyk alamatlaryny gördüm. Bize ýetmeýän zat, ata Watanymyzy ýatladýan hoş owaz ekeni – diýip, ýokarky sözbaşynyň döreýşi hakynda soranymda halypa sport kommentatory Amanmuhammet Çaryýew gürrüň beripdi.

...Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bize sözüň doly manysynda dünýäni açyp berdi. Indi alysdaky döwletler ýakynymyza geldi. Şahyryň aýdyşy ýaly, ýatlar tanyş boldy, tanyşlar dostlaşdy.

«Ýuwentusda» çykyş edýän demirgazyk koreýaly oýunçynyň (Han Kwan Son) 14-nji noýabrda Aşgabada geljekdigi baradaky habardan başlap, Italiýany Türkmenistan bilen baglanyşdyrýan köp sanly maglumatlaryň üstünde durup bileris.

Olaryň her biri hakynda ýurdumyzyň gündelik neşirlerinde we internet saýtlarymyzda giňişleýin gürrüň beriler. Bize bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu günki gün dünýä ýurtlary bilen barha we barha pugtalanýan dostlukly gatnaşyklarymyza buýsanyp, sözümizi jemläýmek galýar.

Hojaberdi APBAÝEW.