Soňky habarlar

Russiýaly tälimçi Aşgabatda

Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtly dünýä belli tälimçileriň onlarçasy paýtagtymyza gelip, sport görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleri bilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, tejribelerini paýlaşýarlar.

Ýakynda dünýä belli russiýaly hokkeý hünärmeni Sergeý Nemçinow paýtagtymyza geldi. Ol paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli «Galkan» gyş sport merkezinde hokkeý boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen okuw-türgenleşigini geçirip, öz tejribesini paýlaşdy.

– Türkmenistana gelip görmek, türkmen türgenleri bilen işleşmek meniň üçin juda ýakymly. Özüm birnäçe ýyl bäri Aşgabada gelmegi, bu ýerde gyşky sport görnüşleriniň biri bolan hokkeý boýunça tälim alýan türgenler bilen duşuşmagy arzuw edýärdim.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Men muňa Aşgabada gelenimde anyk göz ýetirdim. Türkmen Lideriniň yhlasy bilen bina bolan sport toplumlary ähli amatlyklary özünde jemleýär. Olarda saýlap alan sport görnüşiň boýunça türgenleşmäge ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Men muny «Galkan» gyş sport merkeziniň mysalynda hem aýdyp bilerin. Bu ýerde geçirilen okuw-türgenleşiginde hokkeýiň bölümleri, aýratynam, oýun wagty goragy berk saklap, garşydaşyňdan şaýbany alyp, ony derwezä gönükdirmegiň düzgünlerini paýlaşdym.

Türkmen hokkeýçileri halkara derejesinde hem öz ussatlyklaryny görkezmegi başarýarlar. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň 22 – 28-nji apreli aralygynda Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň III diwizionyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendiklerini görkezmek bolar. Nesip bolsa, geljekde ýygyndy toparyň dünýä çempionatynyň II diwizionyna çykmaga hem mümkinçiligi bar. Pursatdan peýdalanyp, Aşgabada gelip, türkmen türgenleri bilen okuw-türgenleşik işlerini geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýdýaryn – diýip, Sergeý Nemçinow gürrüňdeşlikde belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Halkara hokkeý federasiýasynyň geçen ýyl Daniýanyň Kopengagen şäherinde geçirilen maslahatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda özara ylalaşyga gol çekildi. Şol resminama laýyklykda, russiýaly tejribeli tälimçiler ýurdumyza yzygiderli gelip, hokkeýçilerimiz bilen okuw-türgenleşiklerini geçirip, öz tejribelerini paýlaşarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sport arkaly dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam eder.

Hawa, Türkmenistanyň bu günki gün sport älemindäki halkara abraýy belende göterilýär. «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip, belläp geçýän Gahryman Arkadagymyz türkmen sportuny ösdürjek türgenlerimize ähli amatlyklary döredip berýär. Özleri hakynda edilýän alada çuňňur düşünýän türgenlerimiz her bir ýaryşda ussatlyk görkezmegi başarýarlar. Biz muny bereketli güýz paslynyň ilkinji aýynyň ilkinji günlerinde türgenlerimiziň daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlarda gazanan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris.

Türgenlerimiziň dünýä belli tälimçiler bilen pikir alyşmagyna, okuw-türgenleşikleri geçmegine döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

 «Türkmen sporty» Gazeti (07.09.2019)