Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen 32-nji halkara Abu-Dabi küşt festiwalynda «Open A» kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Dokuz tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça nusgawy wagt gözegçiligi bilen geçirilen «Open A» kategoriýasynda 22 ýaşly Aşgabatly küştçi ýokary ussatlygyny we ýeňşe bolan berk erkini görkezdi. FIDE-niň halkara reýtinginde 2184 görkezijisi bilen ýaryşyň ýedinji belgili gatnaşyjysy bolan sport ussatlygyna dalaşgär Allaýar Şirliýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, ýaryş tertibinde ýeke-täk öňdeligi eýelemegi başardy.
Baş baýrak ugrunda dartgynly geçen göreşde türkmen türgeni has tejribeli garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde siriýaly halkara ussady Başir Eýti we filippinli halkara ussady Riçiliýeu III Salşedo eýeläp, olaryň her biri 7,5 utuk toplady. Ýaryşdaky ajaýyp çykyşynyň netijesinde Allaýar Şirliýew özüniň FIDE reýtingini birbada 40,6 utuga ýokarlandyrdy.
Şirliýewiň ynamly çykyşy Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky üstünlikli tomusky sport möwsüminiň mynasyp dowamydyr. Ýurdumyzda küşt sportunyň barha ösýändigini halkara derejesindäki gazanylan üstünlikleriň tutuş toplumy hem aýdyň görkezýär.
Allaýar Şirliýewiň BAE-däki ýeňşi bilen bir wagtda diýen ýaly Hindistanyň Mumbaý şäherinden hem hoş habar gelip gowuşdy. Ol ýerde 16 – 26-njy awgust aralygynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa birinjiligi geçirildi. Şonda türkmen küştçüsi Lala Şöhradowa çalt (rapid) boýunça geçirilen ýaryşda altyn medal gazanyp, 17-nji awgustda juda çalt (blis) boýunça eýelän kümüş medalynyň üstüni ýetirdi.
Mundan başga-da, tomsuň başynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanda geçirilen Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň çempionatynda rekord derejede 16 medal gazanyp, ýurdumyzyň sport taryhyna ýene bir şanly sahypany ýazdy.