Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde "Ýaş eminleri taýýarlamak" maksatnamasynyň çäginde okuw maslahatyny geçirdi. Bu barada HHM habar berýär.
Ýurtda ilkinji gezek amala aşyrylan bu bilim taslamasyna 86 sagatlyk taýýarlyk maksatnamasyny tamamlan talyplar gatnaşdylar. Okuwyň netijesi boýunça ýörite eminlik şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda ýaş hünärmenler futbolyň döwrebap halkara kadalaryny, oýun ýagdaýlaryna baha bermegiň aýratynlyklaryny öwrendiler, şeýle-de meýdançada gyssagly çözgütleri kabul etmegiň we oýun dowamynda psihologik durnuklylygy saklamagyň amaly başarnyklaryny özleşdirdiler.
Guramaçylar bu maksatnamanyň täze futbol eminlerini taýýarlamakda we ýurduň sport düzümini ösdürmekde möhüm ädim bolup durýandygyny bellediler.