Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesibolsa yklymda iň iri sport desgalaryny özünde jemleýär. Ýakynda bu ýerde – Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Türkmenistanyň Milli Taekwondo merkezi bilen bilelikde guralan bu bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar.
Şeýlelikde, kubok bäsleşigine 130-a golaý türgen gatnaşdy. Çekeleşikli tutluşyklaryň dowamynda türgenler söweş sungatynyň esasy ýörelgelerini görkezdiler.
Netijede, Mary welaýatynyň topary kuboga mynasyp boldy. Mundan başga-da, taekwondo boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, medallar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
2010-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik ýaş türgenleri üstünliklere ruhlandyrýar. Taekwondo söweş sungaty boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm basgançaklaryň biridir.
«Türkmen sporty» gazeti