Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda «Türkmenitsan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dzýudo boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşyň netijesi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiji boldy. 2-nji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dzýudoçylary eýeledi. 3-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýygyndysy mynasyp boldy.
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy.