Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Olimpiýa şäherçesine baryp görmek hem-de onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada türkmen halkynyň Milli Liderine haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagyň olaryň islegini kanagatlandyrmagy bilen, ýetginjekler Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň merkezine öwrüldi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary bu ýerde bolup, şäherçäniň sport binalary bilen tanyşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar we döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Olar, ilki bilen, Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow ýaşlary Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň 21 görnüşi bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Soňra ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän türgenleşiklerini synladylar.
«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary hem-de «Arkadag» futbol toparynyň ýaş wekilleri bilen gürrüňdeş boldular. Şeýle hem bu ýerde türkmen sportunyň taryhynda uly şöhrat gazanan toparyň oýunçylary körpe nesillere şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdylar.