Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri kikboks boýunça   dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler

2025-nji ýylyň 7–12-nji oktýabry aralygynda Daşkent şäherinde kikboks boýunça dünýä kubogyny eýelemek ugrunda ýaryş geçirildi. Bu iri halkara ýaryşa dünýäniň 38 ýurdundan 2300-e golaý türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň milli hem-de ýaşlar ýygyndylarynyň türgenleri bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, jemi 12 medala (1 altyn, 2 kümü, 9 bürünç) mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyplary Kerwennazar Halnaýew we Eziz Meredow bürünç medala eýelik etdi.

Türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary milli sportumyzyň, türgenleriň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.