Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«ARKADAG» FUTBOL KLUBUNYŇ ÝEŇIŞLI ÝOLY

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag toparynyň milli futbol çempionatymyzdaky ýeňişli ýoly halkara arenasynda hem dowam edýär. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygyny myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» topary bilen geçiren Türkmenistanyň çempiony garaşylan ýokary derejeli oýny görkezmegi başardy.

Kalkutta şäheriniň «Solt-Leýk» stadionynda geçirilen duşuşygyň ilkinji minutlaryndan hüjüm futboluny öňe süren ildeşlerimiz duşuşygyň 11-nji minutynda öňe saýlandylar. Şol pursat toparymyzyň ýarymgoragçysy Ýazgylyç Gurbanowyň daş aralykdan depen topy netije getirdi – 1:0. Şondan soň hüjüm bilen goragy sazlaşykly alyp baran toparymyz özüne gerek hasaby saklamagy başardy. 12-nji martda Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionynda geçiriljek jogap oýnunyň öňüsyrasynda şeýle artykmaçlyk gazanan «Arkadag» toparynyň ýarymfinala barýan ýoldaky wajyp ädimini ädendigini bellemek gerek.

«Türkmen sporty» gazeti