Soňky habarlar

«Arkadagyň» futbolçylaryna FFT-2025 Kubogyndaky ýeňşi üçin sylaglar gowşuryldy

«Arkadagyň» futbolçylaryna 2025-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynda gazanan ýeňşi üçin kubok we medallar gowşuryldy.

Kubogy «Arkadagyň» kapitany Ahmet Ataýewe Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygynyň ikinji orunbasary Nazar Çöliýew hem-de TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gowşurdy.

Soňky 5-nji tapgyrda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary «Aşgabady» ýeňdi. Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen duşuşyk 4:0 hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Begenç Akmämmedow iki gol (25 penaltiden, 35) geçirdi, Şanazar Tirkişow (29) we Enwer Annaýew (90) garşydaşynyň derwezesinden hersi bir gol girizdi.

«Arkadag» iki ýylda altynjy kubogyny gazandy. Öň bu topar iki gezek çempionatyň altyn medalyna, iki gezek – Türkmenistanyö kubogyna we bir gezek – Naýbaşy kuboga eýe boldy.

Mart aýynda «Arkadag» Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynda Hindistanyň «Ist Bengal» kluby bilen duşuşar. Oýunlar 5-nji we 13-nji marta geçirmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynyň kümüş we bürünç medallary degişlilikde «Ahal» we «Merw» toparlaryna gowşuryldy,. Olaryň jemleýji tapgyrdaky duşuşygy 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Ibragim Amangeldiýewiň geçiren goluna «Merw» topary Alibek Abdyrahmanowyň öz derwezesine geçiren awtogoly bilen jogap berdi.

 www.turkmenportal.com