Soňky habarlar

Meşhur grossmeýster Naýjel Şort Türkmenistanda boldy

Britaniýanyň taryhynda beýik küştçüleriň biri hasaplanylýan 59 ýaşly meşhur grossmeýster Naýjel Şortuň biziň ýurdumyza sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Naýjel Şort 14 ýaşynda halkara ussady we 19 ýaşynda grossmeýster ada eýe bolan ýiti zehinli ýaş küşt ussadydy. Ol ýaryşlara gatnaşan ýyllarynda ençeme gezek ýeňiji boldy, küşt olimpiadalarynyň birnäçesinde Angliýa wekilçilik etdi. Ol 1993-nji ýylda dünýä çempionlygy ugrunda Garri Kasparow bilen oýnap, dünýä küşt täjiniň eýesine garşy çykan ilkinji iňlisdi.

Naýjel Short häzirki wagtda FIDE-niň küşt oýnuny ösdürmek boýunça direktory bolup işleýär. Ol Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň çakylygy bilen Türkmenistanda sportuň ösüşine bagyşlanan halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Mundan başga-da, blis boýunça FIDE-niň görkezijisinde 2571 derejeli meşhur grossmeýster 300-den gowrak küştçiniň bäsleşen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) Kubogy ugrunda blis ýaryşyna hem gatnaşdy. Garaşylyşy ýaly, Naýjel Şort ýeňiji boldy. Ol 9 oýunda 7,5 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça degişlilikde 2-nji we 3-nji orny eýelän halkara grossmeýster Maksat Atabaýewden (FIDE blis görkezijisi – 2377) hem-de sport ussatlygyna dalaşgär Amanmuhammet Hommadowdan (2316) öňe geçdi.

Naýjel Şort Türkmenistanda bolan döwründe iki sagatdan gowrak dowam eden we ähli oýunlarda dünýä küşt ýyldyzynyň ýeňşi bilen tamamlanan 10 ýaş küştçi bilen bir wagtyda oýun oýnady. Ýaş türgenler grossmeýster bilen oýnamakdan tejribe aldylar we muňa şat boldular.

Ýurdumyzyň tälimçileriniň we öňdebaryjy küştçüleriniň haýyşy boýunça N.Şort olar bilen aýratyn duşuşyk geçirip, ýurtda küştçüleriň ussatlygyny ösdürmek, tälimçilik işleri we küştüň çalt hem yzygiderli ösmegi üçin şert döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.