Soňky habarlar

Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny geçirildi

Türkmenistanyň öňki bäş gezek çempiony Ýuriý Rogusskiý ýene ýurduň ilkinji raketkasy diýen ada eýe boldy. Ol ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Kubogyny eýeläp, şeýle üstünlik gazandy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we tennis federasiýasynyň guran bu ýaryşa gatnaşmak üçin köpugurly «Aşgabat» stadionyň meýdançalaryna 113 türgen ýygnandy.

Yekelikde, bilelikde we oglan-gyz bilelikde oýnan baýraklar ugrunda ýaryşda Aşgabatdan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 59 oglan we 54 gyz bäsleşdi.

Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ýurduň iň güýçli iki tennisçisiniň – Türkmenistanyň iki gezek çempiony Meýlis Orazmuhammedowyň we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Ýuriý Rogusskiniň duşuşan final bäsleşigi uly gyzyklanma döretdi. Soňky iki ýylda Türkmenistanyň birinji raketkasy diýen at üçin olar çekeleşikli göreşýärler.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň finalynda Ý.Rogusskiý M.Orazmuhammedowy ýeňdi. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň çempionatynyň finalynda Meýlis Ýuri bilen doly haklaşdy – ony 6:1, 6:1 hasabynda ýeňip, ýurdumyzyň birinji raketkasy adyny onuň elinden aldy.

Dartgynlylygy bilen oýunçylaryň ysgynyny alan 2 sagat 40 minut dowam eden bu final oýun Ýuriý Rogusskiniň oýnuna güýçli täsir etdi. Birinji setde ol ýadaw görünýärdi, şonuň üçin aňsatlyk bilen utuldy – 1:6. Ikinjisinde Ýuriý özüni ele aldy, iki gezek breýk gazanyp, 6:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, hasaby deňledi.

Hasap 4:4 bolýança aýgytlaýjy setde tennisçiler deňeçer oýnadylar. Soňra breýk aldylar – 5:5, şondan soň hasap ýene deňleşdi – 6:6. Duşuşygyň dartgynly pursadynda Meýlis Orazmuhammedow üç matçbol aldy. Ý.Rogusskiý olary yzyna aldy, soň öňe saýlandy we ikinji setde erjel ýeňiş gazandy – 8:6!

Soňra Ýuriý Rogusskiý Türkmenabadyň orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 15 ýaşly Sabina Rahmanowa bilen bilelikde oýnap, ýene bir ýeňiş gazandy. Finalda olar Didar Wepamyradow bilen Maral Ahmedowadan – 6:3, 7:6 (7:5) hasabynda üstün çykdylar.

Erkekleriň arasynda iki bolup oýnalýan geçirilen ýaryşda dördünji belgili Selim Çagylowdan we Selim Pirjikowdan – 6:4, 7:6, 10:6 hasabynda üstün çykan Hajymyrat Çaryýew we Meýlis Orazmuhammedow Türkmenistan Kubogynyň ýeňijileri boldular.

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň birinji raketkasy Ilima Guseýnowanyň Kambojada geçirilýän «GSPDP Asian 14&U Junior Championships 2024» abraýly ýetginjekler ýaryşyna gatnaşmagy sebäpli bu bäsleşige gatnaşmanlygy üçin Aşgabadyň 50-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýşa Bikbulatowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Finalda Aýşa bolsa çekeleşikli göreşde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rožan Garajaýewany 7:5, 7:5 hasabynda utdy.

Zenanlaryň bilelikde oýnunda Anastasiýa Azimbaýewa we Rožan Garajaýewa aýgytlaýjy duşuşykda Aýnur Annamyradowadan we Jennet Çaryýewadan 6:2, 6:2 hasabynda üstün çykdylar.

«Türkmen sporty» gazeti