Salam Pariž!
Türkmen wekiliýetiniň Fransiýa ilkinji ädimi howa menzilinden gözbaş aldy. Zemin bilen asman arasynda geçirilen sagatlaryň, minutlaryň dowamynda hakydada janlanan pursatlar düýş ýaly bolup göz öňümizden geçdi. Çünki türkmen türgenleri bu gün uly sport baýramyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagtynyň gujagyna doldular. Biziň hiç birimiz daşymyza çykarmasagam, her bir adam hyýalynda Pariž bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň täsirlerini başdan geçirendir. Biziň «Salam Pariž!” diýen içki seslenmämize meýletinçiler: «Hoş geldiň, Türkmenistan” diýip jogap berdiler.
Ilkinji pursatlar
Olimpiýa şäherçesinde parlaýan baýdaklaryň hatarynda türkmeniň ýaşyl tuguna gözüň düşende oňa tolgunman bakmak mümkin däl. Onuň üçin duýguçyl bolmak hökmanam däl. Ata Watandan uzaklarda ýaşyl tuguňy synlan mahalyň duýgular gözlap seni tapýar. Has dogrusy, olar gözläp azara galmaýarlaram, göni gelip kalbyňa gonýarlar. Onsoň, diňe bu ýagty ýalançyny synlamak üçin berlendir diýip pikir eden dideleriň owasynda damjalar peýda bolýar. Şonda: «Gözler içki duýgyňy ýüze çykamak üçin gerek eken-ow” diýibem oýlanasayň gelýär. Emma biziň duýgulary ýüze çykarmaly wagtymyz entek öňde. Bize ýaryşlar — tomusky Olimpiýa oýunlarynyň synagy garaşýar.
Açylyş dabarasy
Hemme Olimpiadalaryň resmi nyşanlary, şekilleri (mascot) bolýar. Bu däp Pariž Oýunlarynda hem dowam etdirildi. Emma Sena derýasy bilen Eýfel diňi Olimpiadanyň esasy nyşanlaryna öwrüldi. Pariž diýseň adamlar Eýfel hakynda pikir öwürýärler. Pariž Olimpiadasy diýseň, hem şol ahwal seni terk edibermeýär. Sena derýasynda ýaryşlaryň geçiriljekdigi baradaky ilkinji habarlar çykan gününden bäri bolsa onuň meşhurlygy hatda «Luwr» muzeýindenem öňe geçen bolsa gerek. Şonuň üçin Olimpiadanyň açyylyş dabarasy hakda gürrüň edilen wagty hem Eýfeli we Sena derýasyny agzaman geçmek mümkin däl. Emma buýsanjymyza buýsanç goşan pursatlara türkmen wekiliýeti ýaşyl tugumyzy parladyp planetanyň sport baýramyna gatnaşan wagty şaýat bolduk. Türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny özüne siňdiren eşikleri boýuna-syratyna bezeg berýän türgenleriň we tälimçileriň tolgunjyny beýan etmek mümkin däl.
Başlangyç bäsleşikler
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda her 4 ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Emma Pariž Olimpiadasynyň ilkinji ýaryşlary türkmen wekiliýetiniň Fransiýa baraýan uçurlary, ýagny 24-nji iýulda başlandy. Şol gün futbolçylar meýdança çykdylar. 25-nji iýulda bolsa gandbol we ýaýdan ok atmak boýunça çykyş edýän Olimpiýaçylaryň arasyndaky başlangyç bäsleşiklere badalga berildi. Şondan soň sportuň beýleki görnüşlerinde baýrakly orunlar ugrundaky göreş gyzyşyp, ilkinji medallaryň eýeleri belli edildi.
Iň ýaş emin
Dünýäniň 200 töweregi döwletiniň iň saýlama türgenlerini bir ýere jemleýän nobatdaky tomusky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşandygyny buýsanç bilen nygtaýan wagtymyz, Türkmenistandan iň ýaş eminiň Pariž Olimpiadasyna gatnaşýandygyny aýtman geçmek bolmaz. Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Halkara agyr atletika federasiýasynyň tehniki komitetiniň agzasy Çarygeldi Mämmedow halkara derejeli emin hökmünde iri ýaryşlara gatnaşýar. Ol dünýä çempionatlarynyň we Aziýa oýunlarynyň synagyndan geçip, Tokio Olimpiadasynda eminlik etmäge çagyryldy. Aziýa yklymyna wekilçilik edýän eminler saýlanyp-seçilende Türkmenistandan Çarygeldi Mämmedowyň saýlanyp alynmagy kanunalaýyklyk hasaplanylýar. Özem onuň Pariž Olimpiadasynda agyr atletika eminlik edýän hünärmenleriň iň ýaşydygy ildeşimiziň tejribeli eminleriň sanawyna girýändigini buýsanç bilen nygtamaga esas berýär.
Biz sözümizi soňlaýarys, emma Olimpiada dowam edýär
Olimpiýa maşgalasynyň agzalary hökmünde Parižde dowam edýän sport baýramyna gatnaşmak uly jogapkärçilik. Bu agyr ýüki egninde göterýän türgenler daşyndan seredeniňde ýeňil gopýanam bolsalar, jogapkärçilik ýeňillik bilen egniňden düşürilmeýär. Onuň üçin ýyllarboýy zähmet çekilýär. Indi bolsa şol zähmetiň miwesine el uzatmaly wagty gelip ýetdi. Şonuň üçin biz sözümizi soňlaýanam bolsak, Pariž Olimpiadasy dowam edýär. Diýmek, türgenler we tälimçiler ynamy ödemek üçin yhlas edýärler. Bizem, türkmen türgenlerine we hünärmenlerine üstünlik we rowaçlyk arzuw edip, nobatdaky tomusky Olimpiadanyň paýtagtynda şaýat bolan ilkinji täsirlerimiziň beýanyna nokat goýýarys.
Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.
Aşgabat-Pariž.