Taryhy pursadyň — Pariž Olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň bosagasynda duran mahalyň görýän we eşidýän wakalaryň hemmesini bir sapaga düzäýmek aňsat däl. Çünki bize planetanyň sport baýramy garaşýar. Onuň synagyndan geçmäge gelen 10 müňden gowrak türgeniň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň mynasyp ornunyň bardygy üçin şaýat bolýan pursatlaryňy kagyza geçirmek hem uly jogapkärçiligi talap edýär.
* * *
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleri ahyrlady. Türgenleriň Olimpiýa obasynda hem 26-njy iýulda bu ýere getiriljek alawyny garşylamak işleri bilen bagly ýygnanyşyklar geçirilýär. Türkmenistanyň sport wekiliýeti-de Olimpiýa alawyny garşylamaga taýýarlanýar. Türgenleriň we tälimçileriň ýaryşa taýýarlyga girişendiklerine, wekiliýetiň agzalarynyň guramaçylyk işleriniň ýetikdigine garamazdan, möhüm sport wakasyna taýýarlyk birjigem tagtadylmaýar.
* * *
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji derejeli türgeni Walentina Meredowa iň tejribeli olimpiýaçymyz. Ol Pekin Olimpiadasyna hem gatnaşypdy. Ondan soňra sportdan çetleşen türgen gyz ara wagt salyp, ýene-de ylgaw meýdançasyna gaýdyp geldi. 2024-nji ýylyň başynda 60 metre ylgamak boýunça Türkmenistanyň milli rekordyny täzelän Walentina Meredowa öňdäki jogapkärli synaga ykjam taýýarlyk görýär. Onuň türgenleşiklere jogapkärli çemeleşişini görüp, ýaşlara görelde bolýandygyna guwanýarsyň. Hünär ýoluňda 2-nji gezek Olimpiada gatnaşmak hemme kişä miýesser edip duranok. Şoňa görä hem ol bu mümkinçiligi netijeli peýdalanmak üçin tagalla edýändigini gürrüň berýär.
* * *
Tokuno Kazuhiko ýaponiýaly tälimçi bolsa-da, daşyndan synlasaň, onuň türkmendigine ynanasyň gelýär. Gysga wagtda türkmen dessurlaryny, aýry-aýry jümleleri özleşdiren bu hünärmene köplenç «coach» diýip ýüzlenýärler. Tatýana Wladimirowna (Widýasowa) bilen Tokuno Kazuhiko «Complexe sportif auguste delaune» ady bilen belli bolan sport toplumynda türgenleşiklerini geçirýärler. Serdar Rahymow bilen Maýsa Pardaýewanyň türgenleşikler başlansoň, täze bir dünýä aýak basan ýaly bolandyklaryny synlap, olaryň yhlasynyň ýerine düşmegini dileýärsiň. Gazagystanyň dzýudo ýygyndysynyň tälimçileri bilen söhbetdeşlikde olaryň türkmenistanly pälwanlaryň çynlakaý garşydaşdygyny aýtmagyny eşitmek juda ýakymlydy.
* * *
Musa Žalaýew bilen Aýnur Primowa biri-birine meňzemeýän iki täsin dünýäni ýatladýar. Olaryň tälimcileri Dmitriý Nowikowyň bir diýenini iki gaýtalatmaýandyklaryny türgenleşikde däl wagtlary-da duýmak bolýar. Agras we oýlanyşykly hereket edýän Aýnur bilen şadyýan we ruhubelent Musa Žalaýew türgenleşikde-de, Olimpiýa obasynda-da boluşlaryny üýtgetmeýärler. Musanyň hemme zada ilgezikdigini, Aýnuryň maksadaokgunlylygyny synlap, olaryň sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleriniň hatarynyň uzyn bolmagyny isleýärsiň.
Hojaberdi APBAÝEW.
Pariž şäheri.