Soňky habarlar

Taýýarlyk işleri dowam edýär

24-nji noýabrda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçýän ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň milli ýygyndy toparlaryny hasaba almak işleri alnyp baryldy.

Şol gün sagat 18-den 19-a çenli  tälmçiler we eminler üçin geçiriljek halkara okuw-seminar maslahatyna gatnaşyjylary hasaba almak işleri geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 53 ýurtdan resmi wekiliýet agzalary, şeýle hem 46 döwletden milli ýygyndy toparlar gatnaşýar. Türgenleşiklerden we çärelerden boş wagtlarynda olaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýörite maksatnamalar, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça gezelenç guramaklary göz öňünde tutulandyr.

 

Gülnur BAÝLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň talyby, meýletinçi.