Soňky habarlar

Meýletinçiler halkara ýaryşynda

Paýtagtymyzda 23 ― 28-nji noýabr aralygynda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde  guralmagy üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryndan saýlanyp alnan meýletinçiler öz işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 250-si Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty üçin meýletinçilige saýlanyp alyndy. Olar Çempionatyň başlanýan günlerine çenli bolan döwürde okuw-tanyşdyryş sapaklaryna yzygiderli gatnaşyp, myhmanlara 14 ugur boýunça hyzmatlary bermegiň usullaryny özleşdirdiler. Häzirki wagtda olaryň 50-si myhmanlara dilmaçlyk hyzmatlaryny berjaý edýärler.

Paýtagtymyzyň myhmanlaryna türkmen myhmansöýerlik däpleri esasynda hödür-kerem edilmek bilen bir hatarda dilmaçlar tarapyndan özleşdirilen mylakatlylyk, süýji dillilik bilen ýurdumyzyň aýratynlyklary, milli gymmatlyklarymyz, gülläp ösýän oba-şäherlerimiz barada gyzykly gürrüňler berilýär. Myhmanlaryň boş wagtlarynda olary ýörite maksatnama esasynda Aşgabat, Arkadag şäherlerimiziň gözelliklerine aýlap görkezmek dowam edýär. Bu işde hem meýletinçi talyp ýaşlarymyz ilkinjileriň hatarynda dilmaçlyk hyzmatlaryny berýärler.

 

Annajemal AMANMYRADOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň

1-nji ýyl talyby, meýletinçi.