Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda ýurdumyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny geçirmek hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 ― 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport desgasynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Şu ýylyň 16-njy awgustynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara Kuraş Assosiassiýasynyň baýdagynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşurylyş dabarasy guramaçylykly geçirildi.
Türkmenistan dünýä çempionatyna 15 pälwandan (7 erkek we 8 zenan) ybarat ýygyndy topary bilen gatnaşar. Çempionata gatnaşýan myhmanlaryň «Sport» myhmanhanasyna we «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulandyr. Olara paýtagtymyzda bolýan günleriniň dowamynda türkmen myhmansöýerlik däp-dessurlaryna daýanýan ýokary hilli hyzmatlar ediler.
Paýtagtymyzda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň Türkmenistanyň, şeýle hem dünýä sportunyň durmuşynda möhüm waka öwrüljekdigini ynam bilen aýtmak bolar. Biz bu iri sport çäresine gatnaşýan milli türgenlerimize, tälimçilerimize uly üstünlikleri, ýeňişleri arzuw edýäris.
Selbi BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň
talyby, meýletinçi.