Paýtagtymyzda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanyp, Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Sport» myhamhanasynda sergi guraldy. Onda öňde boljak halkara sport baýramçylygyna bagyşlanyp dürli pudaklarda öndürilen önümler görkezildi.
Sergide aýratyn ünsi çeken önümler Dünýä çempionatynda geýiljek lybaslar boldy. Meýletinçiler, lukmanlar, eminler we beýlekiler üçin taýýarlanan lybaslarda milli öwüşginler aýdyň beýanyny tapypdyr. Sergide, şeýle hem ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän el işleriniň dürli nusgalary, häzirki döwürde öndürilýän konditer we beýleki önümleriň görkezilişi boldy.
Serginiň maksady «Sport» myhmanhanasynda ýaşajak Dünýä çempionatyna gatnaşýan myhmanlary halkymyzyň maddy we maddy däl milli gymmatlyklary, medeni mirasy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Allanur NURMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.