Soňky habarlar

Arkadag şäheri — bagtyň bahary

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy, Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary üçin niýetlenen gulluk awtoulaglarynyň sowgat berilmegi, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasy» atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde hoşallyk maslahaty guraldy.

Hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde Sport çärelerini guramak we utgaşdyryş guramasynyň başlygy B.Kerimow, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň medeni-guramaçylyk bölüminiň başlygy B.Hamedow, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň mugallymy Ý.Öwezowa hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 15-nji sport mekdebiniň direktory D.Hangeldiýew dagy çykyş etdi.

Çykyşlarda taryhy taslamalar bilen Watanymyzy täze ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş hem hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

«Türkmen sporty» gazeti.