Şu günler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen maslahatlar geçirilýär.
Şeýle maslahatlar golaýda Ahal hem-de Balkan welaýatlarynyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen guraldy. «Bedenterbiýe we sport bilen sagdynlyga tarap» diýlip atlandyrylan maslahatlar diýseň täsirli geçdi. Welaýatlaryň orta mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlaryna usuly maslahat bermek maksady bilen guralan çäreler diýseň çuň mazmuna eýe boldy.
Ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemegiň hem-de fiziki işjeňligi ösdürmegiň esasy şertleri bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň ähmiýetine daýanmakdyr. Çünki bedenterbiýe ýaşlaryň saglygyny berkitmäge, ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmaga oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi bedenterbiýäniň we sportuň döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýän ugurlardygyny görkezýär. Maslahatlarda edilen çykyşlarda hem bu hakykat ähmiýetli deliller bilen beýan edildi. Bedenterbiýe mugallymlaryna berlen usuly maslahatlar olaryň öz işlerine has-da jogapkärli çemeleşmeklerine oňyn täsirini ýetirer.
Şeýle mazmundaky maslahatlar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.
«Türkmen sporty» gazeti.