Soňky habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz iberen wideo ýüzlenmesinde «... biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty dowam edýär.

 

www.mfa.gov.tm