2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Ermenistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle-de çärede göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýan, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Petrosýan, şahyr-terjimeçisi Waružan Hastur çykyş etdiler.
Çärä gatnaşyjylar biziň günlerimize çenli saklanyp gelen, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny, taryhy we medeni gymmatlyklaryny, gadymy rowaýatlaryny we tymsallaryny beýan edýän, Döwlet Baştutanynyň ajaýyp filosofiki we edebi eseriniň ähmiýetini bellediler.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilinde neşir edilmegi ermeni okyjylaryna türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa, biziň ýutlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýurdumyzyň we daşary ýurt okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň azerbaýjan, gruzin, rus, türk, hytaý, ukrain, fransuz, ýapon, italýan we koreý dillerine terjime edilmegi hem-de sanawa ermeni dilindäki neşiriniň hem goşulmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň baý medeniýetine we taryhyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygynyň subutnamasydyr.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.