2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi.
Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Soňra gül goýmak dabarasyna gatnaşanlar paýtagtymyzyň günortasynda gurlan Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumyna ugradylar. Ol ýerde baýramçylyk şanly senä bagyşlanan ýörişden başlandy.
Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçen baýramçylyk ýörişi Beýik Watanymyza we mukaddes garaşsyzlygymyza bagyşlanan köp öwüşginli aýdym-saz-tans kompozisiýasy bilen jemlendi.
***
Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti guraldy. Soňra paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.
Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, dronlaryň görkezme çykyşy, baýramçylyk feýerwerkleriniň atylmagy bilen tamamlandy.
***
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy.