Mart aýynyň başynda Aziýanyň Sambo bileleşiginiň geçiren onlaýn maslahatynda Sambo boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň kararyna laýyklykda, Sambo boýunça Aziýa çempionaty 4-6-njy iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler.
Çempionaty geçirmekde Özbegistan bilen Indoneziýa bäsleşipdi. Emma bu ýyl Indoneziýada Kenarýaka oýunlarynyň hem geçirilýändigi sebäpli Sambo çempionatyny Özbegistanda geçirmek kararyna gelindi.
Ýadyňyzda bolsa, Özbegistanda 2017-nji ýylda hem sambo boýunça kontinental çempionat geçirilipdi.