Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen sporty özüniň şan-şöhrata beslenen täze sahypasyny ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýyldyz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny uly dabara bilen gowşurmagy institutymyzyň talyplarydyr mugallymlarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Institumyzyň talybynyň dünýä derejesinde şeýle uly sylaga eýe bolmagy bizi diýseň guwandyrýar. Ýyldyzyň gazanan bu üstünligi institutymyzda bilim alýan beýleki türgenlere hem ajaýyp görüm-görelde bolup durýar.
Nesip bolsa, sportuň agyr atletika görnüşi bilen bir hatarda beýleki görnüşlerinden hem türkmen türgenlerimiziň şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýarys. Gahryman
Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek üçin durmuşa geçirýän beýik işleri türgenlerimizi, sport ugrunda zähmet çekýän her bir hünärmeni täze belent sepgitleri eýelemäge borçly edýär.
Jeren DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
(«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysyndan alyndy )