Türkmenistanda 2020-njy ýylda badalga berlen başlangyçlara, şol sanda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän tutumly işlere geljek ýylda rowaçlyklaryň ýaran boljakdygyna ynanýarys.
Sebäbi ak gar ýaly arzuwlara beslenen günleriň gujagynda şaýat bolýan wakalarymyz bu gün düýnkiden, ertir bu günkiden, birigün ertirkiden has belent sepgitlere ýetjekdigimizi wada berýär.
Elbetde, bu aýdylýan sözler durmuş hakykaty bolup, Türkmenistan diýlende sportuň durnukly ösýän ýurdy göz öňüne gelýär.
Aşgabatdan söhbet açylsa, dünýäniň naýbaşy sport ýaryşlarynyň geçirilýän merjen şäheri hakynda gürrüň edilýändigini bilýäris.
Türkmen paýtagtyny ak garyň ak dona bürän güni hakyda dolýan bu setirler owazasy ýedi yklyma ýaň salan eziz Diýarymyzyň ak günleri nazarlap, elýetmez belentliklere sary ynamly gadam goýýandygyny buşlaýar.