Soňky habarlar

Ak garly Aşgabat

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda Aşgabada gar ýagdy.
Türkmen halkynda gar ýagmagy, gyş pasly bilen baglanyşykly dürli nakyllar, atalar sözi kän. Ak gary bolsa asly halal türkmen ak arzuwyna, päk niýetine deňeýär. Şonuň üçin hem halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Bu bolsa ak reňkiň ýagty günleriň, ajaýyp durmuşyň buşlukçysydygyny aňladýar. Şeýle hem türkmen halkynda «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýen nakyl hem bar. Şanly baýramyň öňüsyrasynda türkmen gyşynyň «gyşsyramagy» hem yrsgal-bereketiň, bolçulygyň nyşany. 
Güneşli ýurdumyzda gyşyň gadyryny hasam çagalar bilýärler. Olar üçin gyş düşmegi, asmandan peşmekläp akja garyň ýagmagy, daşary çykyp ak gardan «Aýaz baba» ýasamak, garyň üstünde aga-ýana oýnamak durmuşyň iň bir ajaýyp, iň bir şatlykly pursady. Ine bu gün, 10-njy dekabrda, hepdäniň penşenbe güni okuwçylar, hasam kiçi ýaşly mekdep okuwçylary ir säher bilen mekdebe hyýallanyp daşary seredenlerinde asmandan tozgalap düşýän ak gary görüp, «heýjanelek» diýip çapak çaldylar. 
Ýöne, türkmen gyşy mylaýym, ýumşak bolýar, gar hem tiz wagtdan goýdy. Ýöne bu az wagtlyk ýagan gar ulularyňam, çagalaryňam kalbyny Täze ýylyň, täze ýyl sowgatly Aýaz babanyň ýetip gelýändigi baradaky ýakymly duýgulardan doldurdy.