2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi türkmen-azerbaýjan dostlugynyň ýene bir subutnamasy bolup durýar.
Iki halkyň köpasyrlyk milli däp-dessurlary, çuň taryhy we medeni kökleri Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk özeni bolup durýar.