Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.
Çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň okyjylary türkmen halkynyň medeni aýratynlyklary we baý ruhy dünýäsi bilen tanyşdyrýan bu eseriniň özboluşlylygy barada bellediler.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň çap edilmegi türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşinde wajyp waka bolup durýandygy barada hem bellenip geçildi.