Soňky habarlar

«Ýaş habarçy» döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilen «Ýaş habarçy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. 

Dabaranyň Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň bosagasynda geçirilmegi onuň täsirini artdyrdy. Ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatdaky döwletli başlangyçlara işjeň gatnaşyp, olaryň has tapawutlananlary ýeňiji diýlip yglan edildi, şeýle-de höweslendiriji sowgatlara mynasyp boldular.

«Ýaş habarçy» döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryna mynasyp jogap bermek üçin yhlas etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar özleri hakyndaky aladalary üçin milli Liderimize alkyş aýtdylar.

Baýrak gowşurylyş dabarasyna TNÝG-niň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.