Ýurdumyzda bellenilýän uly şanly senä — hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk toýuna bagyşlanylyp, geçirilýän ýörite Halkara sergisi 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda öz işine başlady. Bu sergi hemişelik Bitarap döwletimiziň çärýek asyryň dowamynda gazanan üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine bagyşlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň badalga berilmeginde geçirilýän halkara sergä ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşyp, sergiler zalynda ýurdumyzyň ösüşlerine we dürli pudaklarda gazanylan üstünliklerine degişli birnäçe diwarlyklar, nyşanlar we işler görkezilýär.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gurnan diwarlyklarynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleri, beýik ýeňişleri öz beýanyny tapdy. Sporta degişli diwarlyklarda görkezilen wideoroliklerde türkmen türgenleriniň dürli iri ýaryşlarda, halkara bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri şöhlelendirilip, olarda bagtyýar döwletimiziň sport älemindäki şowly gadamlaryny synlamak bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu sergi 12-nji dekabra çenli dowam eder.
Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.
Surata düşüren Begenç HALLAÝEW.